MEDENIÝET

Türkmenistanyň Eýrandaky baş konsullygy Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky (Maşat ş.) Baş konsullygy Eýran tarapynyň çakylygy boýunça Horasan Rezawi welaýatynyň çägindäki Abulkasym Ferdöwsiniň ýadygärlik toplumynda Owganystanyň, Täjigistanyň konsullyklary we bu welaýatyň ýerli häkimýet edaralary bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen medeni çäreler toplumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsullygynyň resmi “Instagram” sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu çäräniň çäginde Nowruz baýramyny belleýän döwletleriň medeni konserti, milli amaly-haşam sungatynyň we medeni miraslarynyň hem-de tagamlaryň sergileri geçirildi.

Ýurdumyzyň sergi stendinde milli türkmen el halylary, milli egin-eşikler, milli şaý-sepler, Hormatly Arkadagymyzyň kitaplary hem-de milli ýadygärlik sowgatlary görkezildi. Şeýle hem, stendimize gelýänler üçin ýurdumyzyň milli tagamlaryny dadyp görmek üçin mümkinçilik döredildi.

26-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri