BIZNES

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna emeli aň ulgamy ornaşdyrylar

2025-nji ýylyň 20–21-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen «Gümrük amallarynda emeli aňyň we maşyn öwrenişiniň öňdebaryjy tejribeleri we usullary» atly sebitleýin okuwa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň degişli ugurda 5 sany hünärmeni gatnaşdy. Okuw çäresi Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guraldy we oňa  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen bir hatarda, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki wagtda  akylly gümrük nokatlaryny döretmek, emeli aňy ösdürmek hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda uly işleri amala aşyrýar. Şu bilen bagly gümrük işine emeli aňy ornaşdyrmak babatdaky öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýär.

GIZ-iň halkara bilermeni Jonatan Kohyň alyp barmagynda geçirilen iki günlük okuw çäresine gatnaşmak bilen türkmen gümrükçileri emeli aňy gümrük amallaryna ornaşdyrmak babatda öz tejribesine artdyrdylar, şeýle-de bu çäre gümrük amallaryny sanlylaşdyrmakda öz-özüňe baha bermäge, Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, hünär başarnyklaryny güýçlendirmäge we innowasion sanly çözgütleri sebitleýin ornaşdyrmak babatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri