Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirip, onda ýubileý ýylda 9 aýda alnyp barylýan işleriň netijelerine seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, umuman milli ykdysadyýetimiziň 9 aýda gazanan üstünlikleri barada käbir maglumatlary berdi.
Şoňa görä:
- jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterimde saklanyp galyndy.
- daşary söwda dolanyşygy 12,3 göterim artdy we 9 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.
- eksportuň möçberi hem geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 20 göterime golaý artdy we 6 milliard amerikan dollaryna golaý boldy.
- eksportuň möçberi ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmazdan 50 göterime golaý artdy.
- şu ýyl göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi.
- umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumy bilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary ulanmaga berildi.
- häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý 2500 sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň täze jildi çapdan çykdy