JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar.

***

Şazada Edwardyň, Edinburg Gersogynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki iş naharynyň başynda «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» formatynda geçiriljek ilkinji ministrler derejesindäki duşuşygyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.

Türkmen tarapy mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Beýik Britaniýa özboluşly medeni we diplomatik mirasa eýe bolan döwlet hökmünde uly hormat bilen garaýandygyny belledi. Syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanda iňlis dilini we britan medeniýetini öwrenmäge bolan ýokary gyzyklanmanyň bardygy, şeýle hem bilim we akademiki alşygyň, şol sanda Chevening maksatnamalarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Medeni dialogyň işjeňleşdirilmegine mysal hökmünde Aşgabat şäherinde Şotlandiýa tans agşamy «Ceilidhiň» geçirilmegi, Türkmenistanyň paýtagtynda Wilýam Şekspiriň ýadygärliginiň oturdylmagy, şeýle hem BBC tarapyndan Köpetdag alajagaplaňlary barada dokumental filmiň ýaýlyma berilmegi görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi