JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy.

Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň wekilleri Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýany bilen gitdiler.

Saparyň maksady Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen tanyşmakdan ybaratdyr.

Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolan Owganystanyň çägindäki Serhetabat-Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy.

Şeýle hem, wekiliýet optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini we Turgundy demir ýol bekediniň gury portunda ammarlar toplumyny hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar bölegini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri synlady.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Owganystanyň çägindäki bu taslamalara badalga berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri