JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gyrgyzystanda saparda bolar

2025-nji ýylyň 25-26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynda saparda bolar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçiriler. Onuň çäklerinde türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumyna serediler.

Mälim bolşy ýaly, ýakyn döwürde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynda we Gazagystanda Respublikasynda saparda boldular.

Related posts

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat desgalary gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler