DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Er-Riýadda birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirdi

Aýlagdaky Arap döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiň (AADHG) agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Er-Riýaddaky duşuşygyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud, Oman Soltanlygynyň daşary işler ministri Saýýid bin Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi, Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Halifa Şahin Al-Marar, Bahreýn Patyşalygynyň daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Zayani, Katar Döwletiniň daşary işler ministri  Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani, Kuweýt Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça döwlet ministri Şeýh Ahmed Nasser Al Mohammed Al Sabah hem-de Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen gepleşikler geçirip, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler.

Ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar şeýle-de sebit hem-de halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän derwaýys ugurlary boýunça hem pikirleri alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar