Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi we onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisde degişli işleriň geçirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ýurduň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Kanun we ýubileý medalyň düzgünnamasy hem-de ýazgysy metbugatda çap edildi.