Türkmenistanyň bilen BAE-niň arasynda sanly bilim hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň bilim ministri Husseýn bin Ibragim Al Hammadi bilen gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Munuň şeýle bolmagyna ilkibaşdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de BAE-niň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýynyň ýokary derejesi gönüden-göni ýardam edýär.

Iki ýurduň bilim hem-de ylym edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy- enjamlaýyn hem-de okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribe alyşmaga hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin döwlet gullukçylaryny we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga özara gyzyklanma bildirildi.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, uzak aralykdan elektron okuwlary guramak, şol sanda Türkmenistan bilen we BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoduşuşyklaryň çäklerinde guramak meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy