DÜNÝÄ

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow Aşgabadyň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşdy diýip, “Dunyo” habarlar agentligi habar berýär.

Taraplar özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda durnukly ösýändigini we paýtagtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň pugtalanýandygyny bellediler. Duşuşykda doganlyk şäherler hakyndaky ylalaşygy durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, wekiliýetleriň alyş-çalşygyny işjeňleşdirmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak we medeni-ynsanperwer çäreleriniň sanyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki halkyň dostlugynyň simwoly bolan Aşgabatdaky «Daşkent» we Daşkentdäki «Aşgabat» dynç alyş seýilgählerine aýratyn üns berildi. Taraplar şeýle hem möhüm döwlet seneleri mynasybetli medeni-aň-bilim çärelerini geçirmek boýunça tekliplere seretdiler.

Related posts

Waşingtondaky Halkara pul gaznasynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi tanyşdyryldy

Gresiýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy

Beýik Britaniýa bilen telefon arkaly gepleşik: Owganystan meselesi