DÜNÝÄ

Özbegistan garaşsyzlygyny belleýär

Özbegistan Respublikasy garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Daşkent şäherindäki “Guksaraý” toplumynda baýramçylyk dabarasy geçirdi. Bu dabara Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, hökümet agzalary, Ýokary Mejlis we Senat, alymlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdy. Dabarada çykyş eden ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen mähirli gutlady. Şawkat Mirziýoýew garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen üstünlikler barada belledi we şu ýyl üçin esasy meseleleriň biri pandemiýa döwründe ilatyň saglygyny goramak we ykdysadyýeti doly dikeltmek we adamlaryň işlemegi üçin şertler döretmekdigini nygtap geçdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletler şu günler Garaşsyzlyk baýramçylygyny belläp geçýärler. Bilşimiz ýaly, düýn Gyrgyzstan respublikasy, şu gün Özbegistan Respublikasy baýramçylyk belleýärler. 9-njy sentýabrda Täjigistan Respublikasy, 27-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk baýramçylygyny bellärler.

Related posts

Baýden gaýtadan prezidentlige dalaş etmekçi

YHG-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Irlandiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

vepa