JEMGYÝET

Marsda adam ýaşap bilermi? Ilon Mask jogap berdi

«SpaceX» kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask Marsda adamyň ýaşap biljekdigi ýa-da bilmejekdigi baradaky sowallara jogap berdi. Onuň aýtmagyna görä, «Gyzyl planetada» adamyň ýaşamagy üçin ilkinji nobatda ähli amatlyklary bolan baza döretmek gerek. Bu bolsa juda kyn, şol bir wagtda-da hoply wezipe.

Adamyň Marsa syýahatyna bagyşlanan metbugat maslahatynda žurnalistleriň sowallaryna jogap beren Ilon Mask özüni özi dolandyrýan bazany gurmagyň ölüm howpuny hem berip biljekdigini aýtdy. Ýöne ol umytdan düşmeýär. Şeýle bazany döretmäge umyt berýän esaslar bar. Şol esaslardan ugur alynsa, Marsda tutuş şäheri gurmak mümkin.

Munuň üçin ilki bilen juda köp el güýji gerek. «Gurluşykçylar», elbetde, «Ýerliler» bolar, ýagny Ýerden alyp gidiler. «Bu örän kyn we howply taslama, ýöne gyzykly» diýip, Mask bu taslamadan ýüz öwürmejekdigini aýdýar.

Ilon Mask mundan bir ýyl ozal Marsda Ýeriň koloniýasyny döretmek pikiriniň bolup bilmejek zatdygyny aýdypdy. Ýöne ol indi «Gyzyl planetada» birnäçe onýyllyklaryň dowamynda özüni özi dolandyrýan bazany gurup boljakdygyna ynanýar.

Related posts

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Köp çagaly enelere “Ene mähri” hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy