SPORT

Dünýä çempionaty tomaşaçysyz geçiriler

2021-nji ýylda geçiriljek hokkeý boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda zallara tomaşaçy goýberilmez. Munuň sebäbi koronowirus bilen bagly ýüze çykyp biljek ýakymsyz ýagdaýlaryň öňüni almakdyr.

Ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyny Kanadada geçirmek göz öňünde tutulýar.

«Dekabr aýyndaky duşuşyklarda zala tomaşaçy goýberip bilmeris. Heniz belli bir waksina ýok. Ýöne aprel-maý aýlaryndaky duşuşyklary tomaşaçylar bilen bile geçirip bolmagy mümkin. Ýöne muny hem wagt görkezer» diýip, Halkara hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Rene Fazel aýdýar.

Related posts

Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy derýanyň kenarynda geçiriler

“Taňrynyň eli” ady bilen meşhur bolan pökgi 3,35 million dollara satyldy

Sport täzelikleri gysga setirlerde… Grizmanny satmak isleýärler

Ata Watan Eserleri