JEMGYÝET

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gulmyrat Agamyradowy işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Allaberdi Saparow Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

Hydyr Nunnaýew Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

 

Related posts

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri

Yeni Hükümet Kuruluyor: Devlet Güvenlik Kurulu üyeleri kesinleşti

vepa

Owganystanda türkmen lukmanlary ynsanperwer kömek hökmünde işe başladylar

Leave a Comment