JEMGYÝET

Türkmenistanyň Baş arçasy GDA-nyň iň ulusy

Indi, birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň Baş arçasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň arasynda iň ulusydyr. Paýtagtymyz Aşgabadyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metre deňdir. Bu görkeziji boýunça GDA-da iň ulusydyr.

Sanawda ikinji orny Ermenistanyň Ýerewan şäheri eýeläp, bu şäherdäki arçanyň beýikligi 37 metrdir. Ilkinji üçlükde orun alan Özbegistanyň Daşkent şäherindäki arça bolup, onuň beýikligi 35 metre barabardyr.

Şeýlelikde, sanawda degişlilikde yzygiderliligi eýelän ýurtlar we esasy şäherleri: Azerbaýjanyň Baku şäheri 34 metr, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek 34 metr, Täjigistanyň paýtagty Duşanbe 30 metr, Belarusyň paýtagty Minsk şäheri 28 metr, Gazagystanyň Astana şäheri 25 metr, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheri 25 metr, Moldowanyň paýtagty Kişinew 20 metr.

Bu Türkmenistanyň ilkinji gezek gazanan üstünligi däldir. 5 ýyldan bäri ýurdumyzyň Baş arçasy GDA-nyň iň beýigi derejesini saklap galýar. Her ýyl diýen ýäly, arçanyň beýikligi has-da belentden belende galýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana iş sapary başlandy

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi açylar

Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-eýran welaýatara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Türkmenistana çagyrdy

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy