BIZNES

Türkmenistanyň Azerbaýjana tebigy gaz eksporty

Şu ýylyň 4 aýynda Türkmenistan 398,8 million kub metr tebigy gazy Azerbaýjan Respublikasyna eksport etdi. Netijede, Türkmenistandan Azerbaýjana iberilen tebigy gazyň pul hasabyndaky möçberi 59,1 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada «Interfax» habar berýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan Azerbaýjana gaz satmak boýunça ikinji orunda durýar. Bu babatda birinji orunda barýan Russiýa geçen 4 aýda 143,2 million dollarlyk 800,6 million kub metr gazy Azerbaýjana eksport etdi.

Degişli döwürde Azerbaýjan jemi 1,2 milliard kub metr tebigy gazy daşary ýurtlardan satyn aldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,5 esse köpdür.

Related posts

Ýewropa Bileleşiginden Merkezi Aziýanyň hususy pudagyna goldaw

Stambuldaky Türkmenistanyň Baş konsullygynda türk işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan we Ýewropanyň energetika jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment