SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanly syýahatçylar Haýnan adasyna syýahat ederler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň Hytaýyň Hainan Weidu International Travel Co. Ltd kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklarynda syýahatçylyk ugurlaryny guramak we Aşgabat-Sanýa (Haýnan adasyna) uçar gatnawyny açmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Haýnan adasy ösen syýahatçylyk düzümleri, dürli röwüşli tropiki tebigaty, arassa deňiz suwy we suwa düşülýän kenarýakalary, şypaly gyzgyn çeşmeleri bilen tanalýar. Galyberse-de, Haýnan ýylboýy işleýän şypahanadyr. Adada hyzmatlaryň ählisi bolan amatly myhmanhanalar bar.

9–12-nji fewral aralygynda geçirilen duşuşyklarda bellenip geçilişi ýaly, syýahatçylyk pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklary pugtalandyryp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» halkara başlangyjynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan bar bolan we täze söwda, ulag ýollaryny, şeýle hem ykdysady geçelgeleri döretmäge gönükdirilen taslamalar syýahatçylar üçin mümkinçilikleri giňelder.

Duşuşyklara gatnaşan Türkmenistanyň «Aziýanyň merjeni», «Bagtyýar dostluk», «Dag syýahat», «Aşgabatsyýahat» syýahatçylyk kompaniýalary hem hytaýly syýahatçylaryň ýurdumyza syýahatyny guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurduň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň muzeýine we «Nusaý» döwlet medeni-taryhy goraghanasyna baryp gördi. Mundan başga-da, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hytaý kompaniýasyny ýakyn wagtda geçiriljek «Ak şäherim – Aşgabat» halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdylar.

Hytaýda syýahatçylyk pudagynda iň abraýly kompaniýalaryň biri Hainan Weidu International Travel Co. Ltd kompaniýasynyň dürli ulaglarynyň ençemesi bar. Ýewropa, Aziýa we GDA ýurtlaryndan iri syýahatçylyk operatorlary kompaniýanyň hyzmatdaşlarydyr.

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär