MEDENIÝET

Türkmenistanly şahyr Watany wasp edip ýeňiş gazandy.

2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde «Altin Kalemler» ady bilen her ýylda geçirilýän  halkara edebiýat bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Ysmaýyl Muhammetdurdyýewiñ hem  «Önce Vatan» (Ilki Watan) atly eseri şygyr düzmek ugry boýunça degişli baýraga mynasyp görüldi. Şeýle halkara edebiýat bäsleşigine ýaş türkmenistanly awtoryň watançylyk mazmunly eserini hödürlemegi onuň mähriban Diýarymyza we ene topragymyza päk ruhy garaýyşynyň we egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr.

Ýeri gelende bellesek, bu şygyr bäsleşigine Türkiýeden, Germaniýadan, Özbegistandan we Türkmenistandan jemi elliden gowrak awtor ýüzden gowrak şahyrana eseri bilen gatnaşdy.

Türkmenistanly ýaş awtoryň bu nobatdaky döredijilik üstünligi geçen ýyllarda ýurdumyz boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiklerinde gazanan ýeňişleriniň üstüni ýetirýär.

Belläp geçsek, Y.Muhammetdurdyýew 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi şeýle-de 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň hem ýeňijisi bolupdy. Şeýle-de ýaş döredijilik wekiliniň 2018-nji ýylda Türkiýe we Özbegistan Respublikalarynda geçirilen halkara festiwala we medeni ugurly foruma hem işjeň gatnaşyp degişli guramalaryň hormat hatlaryna  mynasyp bolandygyny agzamak bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň döredijilik topary «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Balkan welaýatynyň teatry TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanda oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Gadymy Aspendos Amfiteatrynda halkara opera we balet festiwalyna badalga berildi

“Magtymguly Pyragy” kinosy: uly ýeňiş – Gran-pri baýragy gazandy

Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi Kazandaky halkara kinofestiwalda görkezildi