SPORT

Türkmenistanly eminler CAFA-nyň okuw-maslahatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly FIFA-nyň eminleri Resul Mämmedow hem-de Arslan Goşşanow Özbegistanyň paýtagty Daşkend şäherinde 20—24-nji ýanwar aralygynda Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy (CAFA) tarapyndan guralýan eminleriň okuw-maslahatyna (CAFA Referees Seminar/VAR Course) gatnaşýarlar. Daşkendiň “Husma” myhmanhanasynda dowam edýän okuw-maslahatyna CAFA agza ýurtlaryň 23 emini bilen 2 synçynyň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

2025-nji ýylyň dowamynda CAFA tarapyndan geçiriljek futbol bäsleşiklerinde, şeýle-de VAR ulgamynda  FIFA tarapyndan girizilen üýtgeşmeleri ara alnyp maslahatlaşylar.

FIFA tarapyndan futbol düzgünleriniň ýygy-ýygydan goşmaça girizilip durulýandygy bilen bagly şunuň ýaly okuw-maslahatlarynyň geçirilip durulmagy eminler üçin örän wajyp bolup durýar. Çünki girizilýän goşmaçalar bilen giňişleýin tanyşmaklary eminleriň oýun wagty adalatly eminlik etmegine oňyn şert döredýär.

Ýeri gelende bellesek, türkmen eminleriniň CAFA-nyň okuw-maslahatlaryna gatnaşmagy diňe bir olaryň ussatlyk derejelerini ýokarlandyrman, eýsem-de, türkmen futbolunyň ösmegine hem gowy mümkinçilik berýär.

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy (CAFA) AFK-nyň düzümine girýän Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Futbol federasiýalarydyr Assosiasiýalaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy