SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.
Berilýän maglumatlara görä, şu ýylyň 9-njy martynda Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu ýörite gatnawyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.
Bu uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 7-nji martda 15:00-da başlaýar we “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň 5 welaýatdaky edaralarynda satylýar.
* Aşgabat ş. Oguzhan şaýoly 211 (+99312 39-17-01)
* Mary ş, Magtymguly köç 11 (8 005 22 3-27-77)
* Türkmenabat ş, Magtymguly köç 80 (+993 422 3-92-10)
* Daşoguz ş, Ruhnama köç 100 (+993 322 9-00-58 / 9-12-21 / 9-20-20)
* Türkmenbaşy ş. Azadi köç 2 (+993 243 5-00-52)
Uçuş wagty – 00:40 (8 martdan 9-marta geçen gije).
Eger Siziň Russiýa Federasiýasyndaky soňky ugruňyz Moskwa şäher bolmadyk halatynda, “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan tranzit awiapeteklerini satyn alyp bilersiňiz. (A.Nyýazow şaýoly 174, tel.: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).
Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Inçhon-Aşgabat-Stambul gatnawlaryny ýola goýar

Ankara türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty boldy

Ata Watan Eserleri

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy