DÜNÝÄ

Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçiriler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlaglary hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň Döwlet Dumasynyň sekizinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna synçylar hökmünde gatnaşandygy üçin öz kärdeşine hoşallyk bildirdi. Şonuň bilen birlikde, biziň ýurdumyzyň zenanlarynyň wekilleriniň Ýewraziýa zenanlar forumyna onlaýn tertipde gatnaşandyklary üçin hoşallyk beýan edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn görnüşdäki parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu ýylyň noýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek nobatdaky 53-nji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

 

Taksi sargamakda täze hyzmat

Ýene-de okaň

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Raşad Nabiýew: ‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy