8- oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “ Türkmenistanda Ýaşlara howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek barada Ilkinji maslahat” geçirildi. Maslahata BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri, Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy we italiýanyň Ilçihanasy , SDG ýaş ilçileri , Y-Peers meýletinçileri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň , Oba hojalyk institutynyň , Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet institutynyň, Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. Maslahat gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine täsir etmek we uýgunlaşmak barada pikir alyşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterres :“ Parahatçylyk, ykdysady dinamika, ösüş, sosial adalat bularyň hemmesi ýaşlara bagly.”
Maral Bagyrowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.