BIZNES

Türkmenistanda tebigy gazyň eksport ugry barha ýokarlanýar

Tebigy baýlyklaryň ägirt uly goruny özünde jemleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bar bolan çig maly gaýtadan işlemek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirmek, şeýle hem işlenen önümiň eksport ugruny artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň iň esasy tebigy baýlyklarynyň biri bolan «mawy ýangyjy» çykarmak, şeýle hem eksporta goýbermek boýunça Gündogar sebitde hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Munuň şeýledigine «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir zähmet toparynyň geçen 9 aýyň dowamynda 6 milliard 905 million kub metr möçberde tebigy gaz çykarmagyň hötdesinden gelendikleri hem şaýatlyk edýär. Müdirligiň işgärleriniň Malaý-Bagtyýarlyk eksport ugrunda gazyň geçirilişi boýunça görkezen netijesi has-da ýokarydyr. Bu ugurda Gündogar sebitiň gazçylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde meýilleşdirilen 2 milliard 774 million 290 müň kub metr gaza derek 3 milliard 771 million 464 müň kub metre golaý gaz geçirilip, bu baradaky degişli döwrüň meýilnamasy 135,9 göterim ýerine ýetirilipdir. Bu bolsa degişli ugur boýunça tebigy gazyň 997 million 173 müň kub metrden gowragynyň artyk ugradylandygyny aňladýar.

Müdirlikde ýylyň başyndan bäri gaz kondensatynyň 22 müň 791 tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama 109,1 göterim amal edilipdir. Bu görkeziji hem «mawy ýangyç» bilen bilelikde alynýan bu ugurdaş önümi öndürmek boýunça ýokary netijeler gazanylýandygynyň subutnamasydyr.

Lebaply gazçylaryň gazanýan zähmet üstünlikleri sebitde «Malaý», «Gadyn» ýaly kuwwatly gaz gysyjy desgalaryň ulanylyşa girizilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler