JEMGYÝET

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň şertleri

Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen çäklendiriji çäreleriň çäginde Täze 2021-nji ýyly belläp geçmek meýilleşdirýär. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, 31-nji dekabrda gije sagat 23:00-24:00 arasyndaky Täze ýyl baýramçylyk dabarasy wise-premýerleriň, ministrlikleriň we pudaklaryn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, 50 adamdan ybarat medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

Aşgabat şäheriniň we ýurduň sebitleriniň ýaşulularynyň Täze ýyl gutlaglary telewizion köpri arkaly ýaýlyma berler. Baýramçylyk dabaralary howpsuz aralyk düzgünleri berk berjaý edilip geçiriler.

Mundan başga-da, sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý göz öňünde tutulyp, 31-nji dekabrda agşam Ylham seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada meýilleşdirilýän Täze ýyl baýramçylygy, şeýle hem Aşgabat we sebit dolandyryş merkezlerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri ýatyrylýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý göz öňünde tutulyp, ýurdumyzda otly we şäherara awtobus gatnawlary hem-de halkara uçar gatnawlary şu ýylyň ahyryna çenli togtadylypdy.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Related posts

“Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy” işlenip taýýarlandy

Ata Watan Eserleri

Bakanlar Kurulu toplantısı: Afganistan ile bir dizi anlaşmalar imzalandı

vepa

Adam eli degmedik meýdanlar

Ata Watan Eserleri