BIZNES

Türkmenistanda täze senagat zolagy dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän senagat zolagynyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Onda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Bu ugurda kesgitlenen işleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, hususy ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmaga ýardam eder.

Senagat zolagynda ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegi bilen, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin mümkinçilikler dörediler. Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegi importyň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, täze kärhanalaryň işe girizilmegi 10 müňden gowrak iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagy hereket edýär. 260 gektardan gowrak meýdany eýeleýän bu zolakda dürli önümçilikler döredildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär