TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda öndürilýän kompýuterler, planşetler… barada nämeleri bilýäris?

Ozal hem habar berlişi ýaly, «Agzybirlik Tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy Hy­ta­ýyň «Tong Fang» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dürli ölçeglerdäki kompýuterleri, monitorlary, noutbuklary we beýleki enjamlary öndürýär.

«Nesil» gazetinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanda öndürilýän kompýuterleriň ekranlary 23 dýuýmdan 27 dýuýma çenli ölçegde bolup, görnüşine baglylykda, Core i3, i5, i7 prosessoryna eýe­dir. Mundan başga-da bu ýerde 43, 65, 75, 98 dýuým­lyk, FMHD, 2K we 4K durulykly interaktiw okuw tagtalarynyň hem önüm­çi­li­gi­ ýo­la goýuldy. Olar buýrujynyň islegine görä, «Android» ýa-da «Windows» operasion ulgamynda işleýärler.

Şeýle-de AT planşetleriniň önümçiligine başlanyldy. Ýakyn wagtlarda olar hem halk köpçüligine ýetiriler. Bilelikdäki kärhana ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki söwda nokatlaryny AT söwda enjamy bilen üpjün etmegi hem maksat edinýär.

Eýsem, «Agzybirlik tilsimatynda» öndürilýän tehnologik gurluşlar nähili kuwwata eýe? Geliň, içgin tanyş bolalyň!

«AT-P15» mo­del­li komp­ýu­te­ri­. «Intel Core i7» prosessorly, «Windows 10» operasion ulgamynda işleýär, 8 GB tizlik ýadyna we 256 GB SSD 2 TB HDD ýa­dy­na eýe, «GTX 1050» wi­deokartasy bilen üpjün edilen.

AT kompýuterimiz. «Intel Core i5» prosessorynda, «Windows 10» operasion ulgamynda işleýär, 8 GB tizlik ýady we 1 TB HDD ýa­dy bi­len üp­jün edi­len, «GTX 1050» wi­deo­kar­ta­sy otur­dy­lan.

AT mo­ni­tor. 1920×1080 60Hz öl­çe­gine eýe, LED 23,8 ekran bilen üpjün edilen.

AT söwda enjamy. Düzümine kassa enjamy, ştrih-kod skaneri, çykyş printeri hem-de AT KB660B klawiaturasy girýär.

AT planşetleri. 7, 8 hem-de 10 dýuým ölçegde. «Android» operasion ulgamda işleýär, Wi-Fi mümkinçiligi bar. 

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär