BIZNES

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurlar

Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň ilkinji gök ammiak öndürýän senagat desgasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Golaýda  Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju Türkmenistanda saparda bolup, birnäçe möhüm gepleşikler geçirdi.

Koreý kompaniýasy Balkan welaýatynda gök ammiak öndürýän karbamid-ammiak dökün zawodyny gurmagy teklip etdi. Bu zawod Merkezi Aziýada ilkinji desga bolup, Ýewropa ekologiýa taýdan arassa dökün ibermäge giň mümkinçilik döreder.

Bu zawodyň gurluşygy boýunça şertnamanyň şu ýylyň ahyryna çenli baglaşylmagyna garaşylýar.

Gök ammiak – dökün öndürmekde kömürturşy gazyny almak we saklamak arkaly alnan arassa ammiakdyr.

Geçen ýyl “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Balkan welaýatynda 1.15 million tonna karbamid döküni we 660 müň tonna sintetiki ammiak öndürmek boýunça zawodyň gurluşygy babatda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilipdir.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy