JEMGYÝET

Türkmenistanda köp çagaly eneleri ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda  Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan-da köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem şunuň bilen bagly geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi