BIZNES

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi durnukly

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň hasabat döwründe gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy.

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2,5 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň sekiz aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,6 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artdy.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler