PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistanda iň garry pisse agajynyň ýaşy 800 ýyl

Türкmenistanyň Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň we Serhetabat tokaý hojalygynyň işgärleri iň bir gyzgalaňly möwsüme – pisse hasylyny ýygnamaga taýýarlanýarlar.

Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda ýerleşýän Bathyz belentligindäki adybir goraghananyň çäklerinde pisse jeňňelliginiň hasyl berýän böleginiň umumy meýdany 21 müň gektardan, Serhetabat tokaý hojalygyna degişli pisseçiligiň umumy meýdany bolsa 50 müň gektardan geçýär.

Ýygym işi wagtlaýyn şertnama esasynda ýerli ýaşaýjylardan düzülen toparlar tarapyndan alnyp barylýar. Goraghananyň işgärleri ýygymçylar üçin wagtlaýyn düşelgeleri taýýarlaýarlar.

Ýurdumyzyň Günorta-Gündogar sebitlerinde birnäçe asyr öň pisse jeňňelliginiň emele gelmegi, bu ýerleriň topragynyň we howasynyň amatly bolmagy bilen şertlenendir. Pisse agajy gurakçylyga diýseň çydamly. Ol özüne zerur yzgary 8-10 metr çuňlukdan alyp bilýär. Şu gün hasyl berip oturan pisse agaçlarynyň arasynda 500-600 ýyl ýaşanlary hem bar. Alymlaryň tassyklamalaryna görä Türkmenistanda iň garry pisse agajy Bathyzyň Kepele jülgesinde ösüp otyr. Onuň ýaşy takmynan 800-den geçipdir.

Pisse agajy adatça 15-18 ýyldan soň hasyla durýar. Agaçlaryň hasyllylygy ortaça 2-5 kilogram hasaplansa-da, käte bir düýpden 15 kilograma çenli hasyl alynýan halatlary hem bolýar. Iň ýokary hasyllylyk adatça ýaşy 50-den 80 ýaşa çenli bolan agaçlarda gabat gelýär.

Ynsan saglygyna peýdaly ýokary hilli maddalary bolan pisse maňzynyň düzüminde 60 göterime çenli ýag, 22 göterim belok, 13 göterim hem uglewod bolýar. Pisse hasyly gowrulan, duzlanan görnüşde konditer senagatynda hem bejeriji serişde hökmünde lukmançylykda giňden ulanylýar.

Tebigatyň gudraty bilen döräp, türkmeniň paýyna düşen bu baý we ajaýyp künjegiň ösümlik we haýwanat dünýäsi ygtybarly goralýar. Türkmenistan döwletiniň daşky gurşawy goramak we ekologiki ýagdaýlary gowulandyrmak bilen bagly Maksatnamalarynda pisse tokaýlyklarynyň meýdanlaryny geljekde has-da giňeltmek, bu tebigy baýlygy ýurdumyzyň egsilmejek hazyna çeşmesine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik