BIZNES

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Hökümet mejlisinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,9 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,5 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli işleri alyp barmagyň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlary boýunça durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler