JEMGYÝET

Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenýär

Hazarýaka döwletlerinde giňden bellenilýän 12-nji awgust Hazar deňziniň güni Türkmenistanda hem bellenýär. Şunuň bilen mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty geçirilýär. Oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlag hatynda şeýle diýilýär: ” Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girizilmegi bilen, ýurdumyzda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni giňden bellenilýär. Gojaman Hazar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde giňden tanalýar. Ol özüniň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary, baý biologik köpdürlüligi, ykdysady, geosyýasy ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Taryhyň dowamynda Hazar halklary birleşdirip, olaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňaýly şertleri döredip geldi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2002-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen birinji Hazar sammiti Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm tapgyr boldy. Bu duşuşyk sebitde syýasy dialogy ösdürmäge, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga we Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny hem-de deňiz gurşawyny goramak boýunça halkara hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilen wajyp çözgütleriň kabul edilmegine ýol açdy. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň kabul edilmegi Hazarýaka döwletleriň netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr”.

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde täze mümkinçilikleri açdy. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen altynjy Hazar sammiti Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm waka boldy. Bu ýokary derejeli duşuşykda syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi, diýlip döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

 

Related posts

10 ýyllyk karzyny üzdi

vepa

Ahal vilayeti ilk olarak buğday hasadını tamamladı

vepa

Jemgyýetçilik kabul edişligi