DÜNÝÄ

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adalat ministri B.Muhamedow bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Adalat ministri B.Muhamedowyň hasabaty diňlenildi, ol raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramak, kanunylygy üpjün etmek üçin kanunçykaryjylyk we hukuk iş tejribesi babatda bir bitewi döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berdi.

SAGLYK ULGAMYNDAKY KANUNCYLYK KÄMILLEŞDIRILER

Türkmenistan raýatlaryň saglygyny goramak babatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar hem-de adamyň ömrüni we saglygyny gorap saklamaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz saglygy goraýyş babatda, şeýle hem bütindünýä pandemiýasy ýaly ählumumy howplara garşy göreşmek babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini nygtady.

TÜRKMENISTAN TÄZE YLALAŞYKLARA GOŞULAR

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek maksady bilen, sebit ykdysady we maliýe guramalaryny işjeň peýdalanmak üçin hukuk esaslary işläp taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Ilat gaznasy, Halkara Migrasiýa Guramasy, Çagalar gaznasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda hyzmatdaşlygy boýunça çarçuwaly Ylalaşygyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meseleleri öwrenmegiň möhümdigini aýtdy.

HALKARA TÄJIRÇILIK ARBITRAŽ MERKEZI DÖREDILER

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen bagly hukuk meselelerini göz öňünde tutýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taýýarlanylmagy dowam etdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ähli döwlet edaralarynyň yzygiderli iş alyp barmalydygyny belledi.

Halkara tejribede içerki we daşarky maýa goýujylar üçin özüne çekiji ýagdaý bolan hökümete dahylsyz halkara täjirçilik arbitraž kazyýetleriniň döredilmegi üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanynda Halkara täjirçilik arbitraž merkezini döretmek boýunça işler esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

 

Aşgabatda döwrebap seýilgäh açyldy

Ýene-de okaň

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan liderleriniň forumy geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisinde Özbegistanyň we Ermenistanyň ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Nepal Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň baý medeni mirasy Yslamabatda geçirilen sergide görkezildi

«Artyk» gümrük nokadynda türkmen-eýran duşuşygy