SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Şu gün sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçiren hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy dowam etmegiň maksadalaýykdygyny belläp, halkymyzyň saglygynyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Saglyk” döwlet maksatnamasyndaky bellenilen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini we şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli zerur hasaplanýan desgalary gurmagy dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda Halkara pediatriýa merkezini hem-de paýtagtymyzda ýene-de bir Stamatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we wise-premýer S.Toýlyýewe bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Wise-premýer S.Toýlyýew Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Hytaýdan 5 million sany waksinanyň iki ýurduň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde berlendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

 

Wise-premýer adatdan daşary toparyň başlygy wezipesini täzeden kabul etdi

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Malaýziýa Türkmenistandan 10 750 syýahatçyny kabul etdi

Türkmenistan bilen Malaýziýa: syýahatçylykda 20-den gowrak şertnama gol çekildi

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Baku–Aşgabat uçar gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligi öwreniler

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär