JEMGYÝET

Türkmenistanda gender deňligi ilerledilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Milli geňeşiniň, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri üçin gender deňligi meselelerine bagyşlanan okuw-maslahatyny gurnady.

USAID Türkmenistanda inklýuziw we deňhukukly jemgyýeti gurmak boýunça alnyp barylýan işleri goldaýar. USAID Türkmenistanda Gender Deňligi Boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny amala aşyrmak maksady bilen döwlet gullukçylaryny deňhukukly gender kadalaryny ilerletmek boýunça gymmatly ukyp-başarnyklar we gurallar bilen üpjün edýär.

Türkmen döwlet gullukçylary milli kontekstde gender deňliginiň strategiýalaryny işläp düzmek we goldamak boýunça öňdebaryjy halkara tejribeler bilen tanyşdylar. Dünýä tejribelerini öwrenmek bilen, okuw-maslahatyna gatnaşyjylar gender duýgurlygyny üpjün etmegiň, gender kemsitmeleriniň öňüni almagyň we gender boýunça öňdebaryjy tejribeleri sosial guraly hökmünde ulanmagyň mehanizmleri barada pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň üsti bilen USAID GSP zenanlaryň Türkmenistanyň ösüşindäki ornuny güýçlendirýär we olaryň döwlet dolandyryş prosseslerine işjeň gatnaşmaklaryna we ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşmaklaryna mümkinçilik döredýär.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri