DÜNÝÄ

Türkmenistanda FAO-nyň hemişelik wekilhanasyny açmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) ýanyndaky hemişelik wekili Toýly Kömekow FAO-nyň baş direktory Sýu Dunýem bilen Rimdäki baş edarasynda duşuşdy.

Metbugat serişdeleriniň habaryna görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny açmak baradaky taslama şertnamasy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi FAO-nyň işine ýokary baha berýändiklerini belläp, Türkmenistanyň oba hojalygyny durnukly ösdürmek we azyk howpsuzlygyny goramak boýunça çäreleri gowulandyrmak ugrunda dünýä tejribesini ulanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini aýtdy.

FAO-nyň baş direktory öz gezeginde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň roluna ünsi çekdi.

Şeýle hem, ol guramanyň ýolbaşçylarynyň FAO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň islendik başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Tükrmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky gatnaşyklar öz gözbaşyny 1995-nji ýyldna alyp gaýdýar. Türkmenistanyň şol ýyl bu gurama agza bolandygyndna bäri köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri Tbilisi sebitleýin forumyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy