BIZNES

Türkmenistanda elektrik enjamlarynyň önümçiligi ýola goýuldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen bilelikdäki «Üznüksiz çeşme» hojalyk jemgyýetiniň edara we önümçilik binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň we «Üznüksiz hyzmat» hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmaklarynda döredilen «Üznüksiz çeşme» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap önümçilik binasy ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyna goşant goşmaga, elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp gurlan we ýokary derejede enjamlaşdyrylan önümçilik binasy birnäçe bölümden ybarat. Bu ýerde ýylda 1 kilowatdan 600 kilowata çenli dürli kuwwatlykly, elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy (UPS) enjamlaryň 20 görnüşiniň daşky gapaklary we içki bölekleri öndüriler. Ýurdumyz üçin möhüm bolan elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň özümizde öndürilip başlanmagy uly wakadyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy