BIZNES

Türkmenistanda Azerbaýjanda öndürilen önümleriň onlaýn satuwy başlandy

Türkmenistanda Azerbaýjanda öndürilen önümleriň onlaýn satuwy başlandy. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Azerbaýjanda önürilen önümler Türkmenistanyň üç sany esasy onlaýn platformasynda — «GiperTM», «Ynamdar» we «AshgabatMarket» internet dükanlarynda satuwa çykaryldy.

Olarda azerbaýjan öndürijileri tarapyndan öndürilen tebigy düzümi we ýokary hili bilen tapawutlanýan çaýlar, jemler, miwe şireleri we beýleki konserwirlenen önümler alyjylara hödürlenilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Related posts

“John Deere” kysymly döwrebap kombaýnlar getirildi

Ata Watan Eserleri

OGT-2023: “Galkynyş” känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlary amala aşyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Owganystan salgyt ulgamynda hyzmatdaşlyk eder