BIZNES

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz üpjünçilik ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda zerur çäreler görülýär, hususan-da, täze tehnologiýalara laýyklykda, tebigy gazy sarp edýän hojalyklarda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzy, edara-kärhanalary tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen howpsuz hem-de ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap gaz hasaplaýjy enjamlaryň gurnalmagynyň wajypdygyny belledi. Gaz üpjünçilik desgalarynyň önümçiligine has kämil aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy bolsa sarp edilýän tebigy gaza gözegçiligi has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler