JEMGYÝET

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler

Ýakynda Türkmenistanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine ekologiýa nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýet berilýändigini, bu möwsümiň ýaş nesilleriň halal zähmet ruhunda terbiýelenilmeginde möhüm orun eýeleýändigini, onuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynyň bu asylly işe halkymyzda mukaddeslik hökmünde hormat goýulýandygyny alamatlandyrýandygyny we onuň ýagşy dessura öwrülendigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere hem-de welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerine ýüzlenip, bag ekmek möwsümine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn hem-de guramaçylykly çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem degişli tabşyryklar berildi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Related posts

Sakura 12 gün ir gülledi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti öz işine başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady