JEMGYÝET

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi,  Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlendi.

2026-NJY ÝYLDA ULANMAGA BERILMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTULAN BINALAR

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

  • Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurup ulanmaga berler.
  • Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezi açylar. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar.
  • Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler.
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi