BIZNES

Türkmenistana täze ýolagçy gämisi getirildi

Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryna täze “Rahat” atly ýokary tizlikli ýolagçy gämisi getirildi. Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz bu ähli amatlylyklary özünde jemleýän ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Rahat” atly ýokary tizlikli ýolagçy gämisi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda guruldy. Onuň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr. Ol deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir.

Ähli amatlylyklary we ýolagçylar üçin zerur şertler bolan bu gämide rahat ýüzüşi amala aşyrmak, ýüzüşiň dowamynda oňaýly dynç almak hem-de deňiz giňişligini synlamak üçin zerur şertler üpjün edilipdir.

Şeýle hem gäminiň rahatlygy, kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga bolan ukyby, şeýle hem onuň enjamlaşdyrylyşy halkara görkezijilerine we häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Bu gäminiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ýokary derejeli ylalaşyklaryň esasynda biziň ýurdumyz üçin gurlandygyny bellemek gerek.

 

“An-26” uçar heläkçiligi üçin gynanç

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer