DÜNÝÄ

Türkmenistan we Saud Arabystany haj möwsümini gurnamaklygy ylalaşdylar

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministrligi 2026-njy ýylda türkmen raýatlarynyň haj zyýaratyna iberilişini guramak tertibini kesgitleýän ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada Saud Arabystanyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy habar berýär.

Resminama gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew bilen Saud Arabystanynyň Haj we Umra işleri ministriniň orunbasary Abdulfatta Al-Maşadyň arasynda geçirilen duşuşykda amala aşyryldy.

2025-nji ýylyň 9 – 12-nji noýabr aralygynda Jidda şäherinde Haj we umra hyzmatlaryna bagyşlanan bäşinji maslahat we sergi geçirilýär. Çärä 85-den gowrak döwletiň wekilýeti bilen bir hatarda Türkmenistandan müftisi Ýalkap Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri