DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistan ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürer

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Žamşid Hojaýew başlyklyk etdi. Şeýle hem duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we sebit edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alşyldy, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine oňyn baha berildi. Soňky 5 ýylyň dowamynda söwdamyň möçberi 2 esse artyp, geçen ýylyň jemleri boýunça 1 milliard dollardan geçdi. Şol bir wagtda serhetýaka türkmen-özbek zolagyny işe girizmek bilen ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň ähmiýeti bellenildi.

Senagat korporasiýasy, himiýa, awtomobil gurluşygy, elektrotehnika senagaty, şeýle hem Sebitleriň forumy, türkmen-özbek işewürler geňeşi, söwda-senagat sergileri ýaly hyzmatdaşlyk görnüşlerini ösdürmegiň ugurlaryna seredilip, munuň iki ýurduň hususy pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky ulag arabaglanyşyklaryny giňeltmegiň hasabyna ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bar bolan ýa-da meýilleşdirilen multimodal ulag geçelgelerine goşulmak mümkinçiligine seredildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny döretmegi, oba we suw hojalygynda hünärmenleri taýýarlamagy, mugallymlaryň we talyplaryň alyş-çalşygyny guramagy, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmek boýunça täze başlangyçlary işläp düzmegi esasy ugurlar hökmünde görkezdiler.

Bilelikdäki toparyň 18-nji mejlisiniň jemleri boýunça jemleýji teswirnama we zerur bolan harytlaryň we hyzmatlaryň özara üpjün edilmegine täze mümkinçilikler açýan ylalaşyga gol çekildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy