BIZNES

Türkmenistan we Owganystan demirýol ulgamynda bilelikde komitet döreder

Owganystany[ Demirýol ulaglary müdirliginiň baş direktory Baht Rahman Şarafatyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda bolup, “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Azat Atamyradow bilen duşuşdy.

Owganystany[ Demirýol ulaglary müdirliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda demirýol ulaglary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan tarapy türkmen tarapyna hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, Owganystanyň Turgundi we Akina gury portlarynyň hyzmatlaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky demorýol gatnamalaryň artdyrylmagynyň iki döwlet üçin hem bähbitlidigini mälim etdi.

Duşuşygyň barşynda demirýol ulaglary boýunça türkmen-owgan komitetini döretmek boýunça çözgüt kabul edildi we bu komitetiň düzümine demirýol edaralarynyň wekilleri giriziler.

Komitet iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de utgaşdyrmak bilen her aý duşuşyk geçirer. Şeýle hem Türkmenistanyň tehniki toparynyň Owganystanda saparda bolup, Owganystanyň  tehniki topary bilen Andhoý-Şibergan we Turgundi-Hyrat ýoluny gözden geçirerler.

Mundan başga-da, türkmen tarapy demirýol ulaglary boýunça bilim alýan owgan talyplaryny kabul etmäge taýýardyklaryny belläp, ýakyn wagtda owgan tarapyna kabul ediljek owgan talyplaryny sany we okuwyň möhleti barada habar berler.

Related posts

Türkmenistan bilen Gazagystanyň gümrük edaralarynyň arasynda deslapdan maglumat alyşmaga badalga berildi

SOCAR bilen german kompaniýasy gaz satyn almak boýunça 10 ýyllyk şertnama baglaşdy

Birža täzelikleri: owgan telekeçileri karbamid satyn aldy