DÜNÝÄ

Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler yzygiderli we depginli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki dialog bilen berkidilýän iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler.

Gepleşikleriň barşynda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda ozal gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany hasaba almak bilen, sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanmanyň bardygy aýratyn bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda geljegi uly bolan we özara bähbitli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen teklipler öňe sürüldi.

Saparyň çäklerinde Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary hem-de degişli ministrlikler we pudak edaralar ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda zenanlar dialogynyň jemýleji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri

Hazarda bekre balyklaryň tutulmagy babatda çözgüt kabul edildi