DÜNÝÄ

Türkmenistan terrorçylyk boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň serhetüsti hereketiniň öňüni almak maksady bilen serhetleriň howpsuzlygy boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Duşenbe şäherinde saparda bolýar.

2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýokarda agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Hususan hem, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen köpugurly özarahereketleriniň hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen sebitara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerine garaldy.

Ertir, 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Terrorçylyk boýunça ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasynyň barşynda çykyş etmegine garaşylýar.

Related posts

Türkmenistanyň wekilýeti «Merkezi Aziýa- Ýaponiýa» gepleşikleriň ýokary wezipeli şahslaryň ýygnagyna gatnaşdylar

“Älem gözeli” kim boldy?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berer

Leave a Comment