DÜNÝÄ

Belgiýanyň Patyşasy Türkmenistanyň ilçisini kabul etdi

Brýussel şäherinde Ilçi S.Pälwanowyň Belgiýanyň Patyşasy Filippe Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bu çäräniň dowamynda Ilçi Belgiýanyň Patyşasy Filippe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Belgiýanyň Patyşasy Filipp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly sözlerini, Türkmenistanyň halkyna bolsa öz iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Related posts

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy kabul edildi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment