BIZNES

Türkmenistan-Täjigistan: eksport ugurly sergi geçirildi

Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm çäreler guraldy. Iki ýurduň işewürler maslahaty hem-de eksport harytlarynyň sergisi geçirildi.

Onuň işine Türkmenistan tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Täjik tarapyna bolsa, Täjigistanyň wise-premýeri Usmonali Usmonzoda wekilçilik etdi.

Sergide iki ýurduň eksport harytlarynyň giň gerimi ýaýbaňlandyryldy. Hususan-da, azyk, ýeňil senagaty, konditer önümleri, gurluşyk materiallary, maşyngurluşyk, himiýa senagaty, dag-magdna senagaty, oba hojalygy we syýahatçylyk pudaklary tanyşdyryldy.

Täjigistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Manzura Rustamowa täjik metbugatyna beren beýanatynda bu serginiň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, birnäçe ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.

Related posts

“Balam” konditer önümleri Özbegistana we Täjigistana eksport ediler

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Dünya Liderleri Türkmenistan’ı kutladı

vepa

Leave a Comment