SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – sport mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan Türkmenistan sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar. Diýarymyzda häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri uly üstünliklere eýe bolup, olar bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan, sebitimiziň iň döwrebap sport desgalar toplumy bolan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň binýadynda halkara sport guramalary bilen özara hyzmatdaşlykda birnäçe halkara sport ýaryşlary geçirildi. Şolaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň, sebitleýin halkara sport bäsleşikleriniň üstünlikli geçirilendigini buýsanç bilen bellemek bolar.

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmek hakynda Karara gol çekmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň dünýä derejesinde sport abraýynyň has-da belende galýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Türkmenistanyň, Belarus, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Oman Patyşalygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda şu gün badalga alýan bu halkara sport ýaryşy Watanymyzyň syýahatçylygyny ösdürmekde we mahabatlandyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolar.

Bägül Saparowa, 
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri